The only and the first Turkmen daily news magazine in Turkmen language

 

 

18/05/2012

 

 

 

 

 

omdid kokabi.jpg

 

-Eýran:

Tähranyň sudy, Eýranly Türkmen alymy Omid Kokabini daşary ýurduň bähbidine içalyçylyk edenlikde aýyplap, 10 ýyl türme tussaglygyna höküm edendihi habary berildi. Gelen maglumata görä, bu sud prosesinde Omid Kokabi bilen birlikde içalyçylykda aýyplanýan ýene 10-dan gowrak adam türme tussaglygyna höküm edilipdir. Eýranly Türkmenlerden bolan fizika ugrundan alym, 29 ýaşly Omid Kokabi soňky wagtlar Birleşen Ştatlaryň Tehas uniwersitetinde aspiranturada okaýardy. Geçen ýylyň fewralynda öz ene-atasyny görmek üçin Birleşen Ştatlardan Eýrana baranda, ol ýurduň howpsuzlyk güýçleri tarapyndan içalyçylykda aýyplanyp tussag edilipdi.

 

 

 

9.jpg

 

-Türkmenistan:

 Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, Orsýetiň täze wezipä saýlanan premýer-ministri Dmitriý Medwedew bilen telefon arkaly gürrüňdeş bolandygy habary berildi. Bu telefon gürrüňdeşligi Prezident Berdimuhamedowyň Tatarystan Respublikasynyň paýtagty Kazanda saparda ýören wagty geçirildi. Geçirilen gürrüňdeşlikde Berdimuhamedow bilen Medwedew Türkmenistan bilen Orsýetiň hyzmatdaşlyklarynyň esasy ugurlaryny ösdürmek meseleleri barada pikir alyşdylar.

 

 

putin6.jpg

 

-Orsýet:

Ýakynda Orsýetiň prezidentligine saýlanan Wladimir Putin özüniň bu wezipedäki ilkinji döwlet saparyny Belarusa amala aşyrjakdygyny mälim edendihi habary berildi. Prezident administrasiýasynyň maglumatyna görä, prezident Putin 31-nji maýda Belarusyň paýtagtyna 2 günlük sapar bilen barar. Ondan soň onuň sapar etjek ýurtlarynyň hatarynda Germaniýanyň, Fransiýanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň we Hytaýyň bardygy aýdylýar.

17/05/2012

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Olland.jpg

 

-Fransa:

Olland Merkel bilen duşuşdy. Fransiýanyń täze Lideri Fransua Olland işe başlan badyna Germaniýanyń Berlin şäherine iş saparyny gurady. Olland Germaniýanyń Federal Kansleri Angela Merkel bilen duşuşdy. Olland uçaryna Pariżden uçan badyna ýyldyrym düşendigine seretmezden saparyny bes etmedi we Berline başga uçar bilen gitdi. İki lider bökdençlikler sebäpli 1,5 sagat giç başlan duşuşykdan soń metbugat işgärleri bilen duşuşdy. Metbugat ýygnagynda pikir tapawutlylyklarynyń ýerine ylalaşylýan hususlara ünsleri çekdi. Býujetde berk derńewiń dowam etmegini isleýän we ykdysady ösüşiń depginini güýçlendiriji tagallalara garşy bolan Merkel şol pikirinden egilşik etdi. Merkel we Olland Ýewropanyń ykdysady ösüşi barasynda dürli pikirleri seljerjekdiklerini duýdurdy. Angela Merkel iki ýurduń ÝB-niń geljek geçiriljek maslahatynda ykdysdy ösüşiń depginini güýçlendiriji bilelikdäki teklipleriń üstünde işlemelidigini aýtdy. Merkel ykdysady çökgünlikden zyýan çeken Gresiýanyń ykdysady taýdan ösüş edip bilmegi üçin degişli goldawy bermäge taýardyklaryny mälim etdi.

Ýewropanyń Gresiýanyń arkasynda durýandygyny nygtan Olland Gresiýanyń ösüş depginini güýçlendirjek ähli çäräni görjekdiklerini aýtdy.

Fransua Olland grek halkyna ýüzlenip, geljek aý ýańadandan geçiriljek möhletinden irki saýlawda ýewroda galmak isleýändiklerini görkezmeklerini isledi.trt

 

 

 

merkel-karzai.jpg

 

-Germaniýa:

Germaniýanyň kansleri Angela Merkel, 2014-nji ýylda NATO-nyň goşunlary Owganystany terk edenden soň, bu ýurduň polisiýasyny we harby güýçlerini goldamak üçin, Germaniýanyň Owganystana ýylda 150 million ýewro maliýe ýardamyny berjekdigi hakynda maglumat berdi. Angela Merkel, çarşenbe güni Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý bilen Berlinde uzak möhletleýin partnýorlyk hyzmatdaşlygy baradaky ylalaşyga gol çekmekleriniň yzy bilen eden çykyşynda bellendigi barada habar geldi.

 

 

48.jpg

 

-ABŞ:

ABŞ-nyň Kolorado ştatynda ilkinji Amerikan-Orsýet harby türgenleşikleri başlanandygy habary berildi.
Bu harby türgenleşik terrorizme garşy göreş maksatlary üçin döredilen harby birikmeleriň gatnaşmagynda geçirilýär. Orsýetiň we Birleşen Ştatlaryň harby Jogäpkärleri, bu türgenleşige gatnaşyjylara eden ýüzlenmelerinde şeýle çäreleriň geljekde ýene dowam etmegine umyt edýändiklerini hem-de bu çäreleriň Moskwa bilen Waşingtonyň arasyndaky özara ynamyň berkemegine ýardam etjekdigini nygtadylar.

 

 

 

 

 

 

 

 

ali babajan.jpg

 

-Türkiýe:

Ali Babajan : “Biz Ýewropanyń edenleriniń tersini etdik”. Wise-premýer Ali Babajan Brýusselde Türkiýäniń ykdysady üstünliginiń syryny gürrüń berdi. Babajan “Häzirki wagtda ykdysady çökgünligi başdan geçirýän Ýewropa näme eden bolsa tersini etdik” diýdik. Babajan bilen birlikde TUSKON tarapyndan guralan maslahata gatnaşan Ýewropa komissiýasynyń başlygynyń orunbasary Olli Ren bolsa Türkiýäniń sońky 10 ýyllyk performansy barasynda garaýyşlaryny beýan etdi. Olli Ren edilen ykdysady ösüşi “gudrat” hökmünde häsýetlendirdi.

Wise-premýer Ali Babajan Ýewropada ykdysdy çökgünligiń şu sepgide ýetmeginiń sebäbini hökümetleriń çäre görmek barasyndaky syýasy ygrarlylygynyń pesligi bilen düşündirdi. Ali Babajan sońky döwürde özlerine “ÝB-ne serediń, uly kynçylyklary başdan geçirýär. “Entegem agzalyk bilen gyzyklanýańyzmy diýip” soraýandyklaryny aýtdy. “Kynçylyklara seretmezden biziń jogabymyz belli. Biz ÝB-ne agzalyk üçin elimizden geleni edýäris” diýen Babajan depginiń gowşamajakdygyna ünsi çekdi. Maslahata gatnaşan Ýewropa komissiýasynyń başlygynyń orunbasary Olli Ren bolsa “Türkiýede ykdysady taýdan gözleri gamaşdyrýan 10 ýyl başdan geçirilýär” diýdi.

Olli Ren “Türkiýäniń şu günki günde dińe ösýän däl, şol bir wagtda-da ykdysady we syýasy güýje öwrülen ýurt ýagdaýyna gelendigini nygtady. Maslahata gatnaşan bileleşigiń gińelmekden jogapkär ýolbaşçysy Stefan Fule bolsa Türkiýäniń özgertmeler etabynda konstitutsiýanyń täze tekstiniń esasy ýeri eýeleýändigini aýtdy.trt

 

16/05/2012

 

 

 

16.jpg

 

-Türkmenistan:

15-nji maýda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Russiýa Federasiýasyna gidendigi habary berildi.
Bu saparyň dowamynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow, GDA-nyň liderleriniň Moskwada geçirýän näresmi maslahatyna gatnaşýar, şeýle hem Tatarystana barýndygy barada maglumat berildi.
Bugün prezident  Gurbanguly Berdimuhamedow, Tatarystan respublikasynyň prezidenti Rustam Minnihanow bilen söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk programmasyny maslahat eder.

 

 

 

 

 

 

 

 

Westerwelle.jpg

 

-Germaniýa:

Westerwelle Türkiýe bilen gatnaşyklary dowam etdirmek isleýändiklerini aýtdy. Sapar bilen Türkiýä gelen Germaniýanyń Daşary işler ministri Gido Westerwelle Ankarada kärdeşi Ahmet Dawutogly bilen duşuşdy. Westerwelle Türkiýäniń agzalygynyń ÝB üçin hem bähbitli boljakdygyny birnäçe gezek nygtady we “Türkiýäniń haýran galdyryjy ykdysadyýeti, syýasy üstünlik kyssasy bar. Hyzmatdaşlygymyzy dowam etdirmek isleýäris” diýdi. Daşary işler ministri Ahmet Dawutogly bolsa Fransiýanyń we Kipriń grek dolanşygynyń döreden bökdençlikleri sebäpli başlanyp bilinmedik barlag ugurlary barasynda pikirlerini beýan edip, Fransiýada geçirilen saýlawyń netijelerini analiz etdi.

Dawutogly “Westerwelläniń hoşniýetli sözeleri täze ugurlaryń açylmagy taýdan möhüm. Biz Sarkoziniń bir taraply çemeleşmesi sebäpli açylyp bilinmedik barlag ugurlarynyń açylmagy üçin mümkinçilik döretmegini tama edýäris. Grek dolanşygynyń döwürleýin ýolbaşçylygynda Türkiýe onuń bilen işleşmez” diýdi. İki ministriń duşuşygynda Siriýa we Eýran meseleleri barasynda-da pikir alyşyldy.

Westerwelle “Türkiýe esasanda Siriýadan gelenler meselesinde abraýly, sylag-hormata laýyk syýasat alyp barýar. Güýçli pozisiýa eýeleýär” diýdi.

Nemes DİM sońky döwürde ýurdunda ýaýbańlaşýan rasist aksiýalary barasynda bolsa : “Germaniýa utanýar. Degişli çäreler görüler” diýdi.trt

 

 

 

francois hollande.jpg

 

-Fransiýa:

Fransua Olland, Parižiň Ýeliseý köşgünde Fransiýanyň täze prezidenti hökmünde kasam kabul edendigi habary berildi. Jogäpkärler, sişenbe güni irden geçirilen bu dabarada wezipesinden gidýän Nikolýa Sarkozi, Ollanda ýurduň ýadro ýaragynyň koduny we beýleki gizlin dokumentleri gowşurandygy barada maglumat berdiler. Olland, Germaniýa saparyndan ozal Fransiýanyň täze premýer-ministrini bellär. 

 

51.jpg

 

-Özbegistan:

Özbegistanyň paýtagty, Daşkendiň polisiýasy Özbegistanyň ozalky medeniýet we sport ministriniň öldürilmegi boýunça derňew işini geçirýändigini aýdýar. Jogäpkärler, 55 ýaşly Anwar Jabborowyň 8-nji maýda döwlete degişli Özbegistanyň Daşkentdäki muzeýler guramasynyň edarasynda näbelli adamlar tarapyndan öldürilendigini aýdýarlar. Onuň jesediniň ýekşenbe güni,13-nji maýda tapylandygy we onuň bedeninde zorluklaryň yzlarynyň bardygy habar berilýär.

15/05/2012

 

 

 

 

merkel5.jpg

 

-Germaniýa:

Merkeliñ ýolbaşçylygyndaky Hristiýan Demokrat partiýasy uly ýeñilişe sezewar boldy. Hristiýan Demokrat partiýasy sesleriñ 8,8 göterimini aldy. Germaniýada Demirgazyk Ren Westfalýada geçirlen mejlis saýlawynda Premýer ministr Angele Merkeliñ ýolbaşçylygyndaky Hristiýan Demokrat partiýasy uly ýeñilişe sezewar boldy. Saýlawyñ ilkinji netijelerine görä Hristiýan Demokrat partiýasy sesleriñ 8,8 göterimini aldy. Saýlawyñ ýeñijisi bolan Sosial Demokrat partiýasy sesleriñ 38,8 göterimini aldy. Ýaşyllar partiýasy sesleriñ 12,2 göterimini, Azat Demokrat partiýa hem sesleriñ 8,6 göterimini alyp Mejlisde wekilçilik etmäge hukuk gazandy.

Saýlawyñ netijelerine görä Sosial Demokratlar bilen Ýaşyllar partiýasynyñ şäriklik hökümetini gurmagyna garaşylýar.trt

 

 

 

 

Rabiýa Kadeer.jpg

 

-Hytaýy:

Dünýä Uýgurlarynyň Kongresiniň bosgunlykdaky lideri Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Ksinjiaň welaýatynda ýaşaýan uýgurlaryň Hytaýyň häkimiýetleri tarapyndan yzygiderli repressiýa sezewar edilýändikleri habary berildi. Rabiýa Kadeer uýgurlary assimilýasiýa etmek, ýagny hytaýlaşdyrmak maksady bilen Hytaýyň yzygiderli basyş edýändigini duşenbe güni Ýaponiýanyň paýtagty Tokioda geçirilýän konferensiýada eden çykyşynda aýtdy. 20 töweregi ýurtdan bolan uýgur aktiwistleri öz garaşsyzlyklary bilen bagly meseläni öňe sürmek üçin Tokio şährinde ýygnandylar. 
Türki milletden bolan 8,7 million uýgur Ksinjiaň welaýatynyň ýerli halky hasaplanýar. Bu welaýat Merkezi Aziýa, Hindistan, Orsýet we Owganystan bilen serhetleşýär.

 

 

 

 

 

 

 

 

 

21

 

-Palestina:

Palestinaly tussaglylaryñ açlyk yglan etmegi sebäpli Ysraýyl egilşik etdi. Ysraýyl tussaghanadaky şertleriñ gowulandyrylmagyny kabul etdi. Ysraýylyñ tussaghanalaryndaky palestinaly tussaglylaryñ açlyk yglan etmegi sebäpli Ysraýyl egilşik etdi. Ysraýyl Kairde iki ýurduñ arasynda geçirlen gepleşiklerde tussaghanadaky şertleriñ gowulandyrylmagyny kabul etdi. Gelnen ylalaşyk hakynda palestinaly tussaglylara maglumat berler we tussaglylar ylalaşygy kabul eden halatynda açlygy bes eder. Ysraýylyñ tussaghalaryndaky amatsyz şertlere garşylyk görezen palestinaly 3 tussaglynyñ 76 gün ozal yglan eden açlygyna ýolbaşçylar ilki biperwaý garady.

Emma açlyk yglan eden tussaglylaryñ sany barha köpeldi. 17-nji aprelden başlap Ysraýylyñ tussaghanalaryndaky 4600 palestinaly tussaglygynyñ ýarysyna golaýy açlyk etdi. Bütin dünýä saglygy goraýyş guramasynyñ we adam hukuklary guramalarynyñ beren çagyryşy sebäpli ahyry Ysraýyl egilşik etdi. Kairde duşuşan ysraýylly we palestinaly toparlar tussaghananyñ şertleriniñ gowulandyrylmagy meselesinde ylalaşyga geldi.

Gelnen ylalaşyga görä, bir adamlyk kamera jezasy bes ediler. Gazada ýaşaýan maşgalalaryñ tussagly palestinalylary görmegine rugsat berler. Palestinaly tussaglylaryñ ylalaşygy kabul edip etmejekdigi şu gün belli bolar.trt

 

 

 

 

14.jpg

 

-Eýran:

Eýran we BMG-niň Halkara Atom Energiýasy Gullugy, Wenada Yslam respublikasynyň ýadro meselesi boýunça gepleşiklere başlanandygy habary berildi. Duşenbe we sişenbe güni geçirilýän bu gepleşiklere Eýranyň HAEG-däki wekili Ali Asghar Soltanie we HAEG-iň baş inspektory Hermann Nakaerts gatnaşýar. Şeýle gepleşikler soňky gezek fewral aýynda Eýranda geçirilipdi. Şol gepleşiklerde maslahat edilýän mesele boýunça gazanylan netije bolmandy. BMG-niň atoma gözegçilik edýän gullugy Tähranyň atom ýaragyny döretmek boýunça iş alyp barýandygy baradaky çaklamalary derňeýär. Tähran beýle planlarynyň ýokdugyny tekrarlaýar.

14/05/2012

 

 

 

 

74.bmp

 

-Awstriýa:

Awstriýada 3 gün dowam eden Türkmenistanyň medeni günleri şenbe güni tamamlanandygy habary berildi. Geçirilen bu medeni günleriň dowamynda Türkmenistanyň medeniýet we sungat işgärleri awstriýaly tomaşaçylaryň öňünde dürli aýdym-saz programmalary we sungat sergileri bilen çykyş edendigi barada maglumat berildi. Wena şäherindäki “Odeon” teatrynda Türkmenistanyň milli muzeýinden etnografiýa degişli eksponatlar, şeýle hem “Türkmenfilm” kinostudiýasynda surata düşürilen “Şükür bagşy” çeper filmi we “Türkmen halysy” atly dokumental film hem tomaşaçylara görkezildi.

 

 

 

 

 

 

 

 

47

 

-Türkiýe:

2 aýdan bäri Siriýada tussaglykda saklanan türk żurnalistleri boşadyldy. Boşadylan żurnalistler Adem Özköse we Hamit Joşkun Türkiýä getirildi.

Żurnalistler Stambulyń Atatürk adyndaky howa menzilinde hossarlary, garyndaşlary we Wise-premýer Beşir Atalaý tarapyndan garşylandy.

Adem Özköse we Hamit Joşkun Premýer ministrlige degişli uçar bilen ýary gije Atatürk adyndaky howa menziline getirildi. Beşir Atalaý Türkiýäniń alyp baran tagallalarynyń netijesinde iki żurnalistleriń azatlygyna eýe bolandyklaryny belläp, tagalla eden adamlara we guramalara minnetdarlyk bildirdi.

Gumanitar pajygany başdan geçirýän Siriýada köp sanly waka şaýatlyk edýändiklerini gürrüń beren Beşir Atalaý “Bizi Siriýadaky şol gynandyryjy wakalaryń, basyşlaryń bes edilmegini, ähli siriýalylaryń gysga möhletde asuda durmuşa eýe bolmaklaryny arzuw edýäris” diýdi. Żurnalist Adem Özköse bolsa azatlyga çykmagyń bagtyýarlygyny beýan edip, Türkiýä alyp baran tagallasy üçin minnetdarlygyny bildirdi. Özköse darajyk otaglarda saklanandyklaryny emma fiziki gynama sezewar bolmandyklaryny nygtady. Hamit Joşkun bolsa Siriýada geçen 2 aýyń dowamynda azatlygyń gadyryny hasam gowy bilendiklerini belledi.trt

 

 

abbas1.bmp

 

-Palestina:

Ysraýyl we Palestinanyň liderleri özara parahatçylyk gepleşikleriniň başlanmagyny goldaýandyklaryny barada maglumat berdiler. Bu wakanyň öňýany Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netenýahuwyň ýörite wekili Isaak Molko bilen Palestinanyň lideri Mahmud Abbas bu mesele boýunça özara gepleşik geçirendigi habary berildi.

 

 

 

 

 

 

 

 

davutoğlu-moldova.jpg

 

-Türkiýe:

Türkiýe bilen Moldowa wiza ulgamyny bes etmäge taýarlanýar. Türkiýe bilen Moldowanyń arasynda wiza ulgamynyń bes edilmegi barasynda ylalaşyk gazanlyldy. Ünsler Moldowanyń Premýer ministriniń golaýda Türkiýä gurajak saparyna gönükdi. Saparyń öń ýanynda bolsa DİM Ahmet Dawutogly Moldowada gepleşikler geçirýär. Moldowanyń garaşsyzlygyny almagyndan bäri geçen 20 ýylyń dowamynda Türkiýeden DİM derejesinde guralýan sapary Ahmet Dawutogly amala aşyrýar. Dawutogly ilki bilen kardeşi Ýure Leýanka bilen duşuşdy.

İki ministr sapardan soń syýasy, söwda we ykdysady gatnaşyklaryń depgininiń hasam güýçlenjekdigine bolan ynamyny beýan etdiler. Bilelikdäki metbugat ýygnagynda iki ýurduń arasynda wize ulgamynyń dolulygyna bes edilmegi we erkin söwda şertnamasyna gol çekişmek meselesi ileri tutuldy.

Tehniki taýarlyklaryń tamamlanmagyndan soń iki şertnama hem Moldowanyń Premýer ministr Wilad Filadyń golaýda Türkiýä gurajak saparynyń dowamynda gol çekişilmegine garaşylýar. Erkin söwda şertnamasyna gol çekişilmeginden soń iki ýurduń arasynda bar bolan 500 million dollarlyk söwda mukdarynyń iki esse ýokarlandyrylmagy maksat edinilýär. Dawutoly moldowaly żurnalistlerden biriniń Türkiýäniń ÝB-ne doly agzalyk tapgyry barasyndaky tejribeleri barasyndaky soragyna Türkiýäniń öńüne basylýan böwetlere ünsi çekmek bilen jogap berdi. Dawutogly “Uly öńe gidişlikler etdik. Emma öńümize Kipr ýaly gepleşik etaby bilen dahyly bolmadyk syýasy bökdençlikler çykarylýar. Moldowa hem Türkiýe hem Ýewropa materiginiń we taryhynyń bir bölegini emele getirýär. ÝB-ne agzalyk biziń üçin strategik maksat. Biz onuń bilen bagly tejribelerimizi Moldowa bilen alyşmaga taýar” diýdi. Ahmet Dawutogly saparynyń dowamynda Moldowanyń Prezidenti we Premýer ministri tarapyndan hem kabul edildi.trt

 

E.mail: news@turkmennews.com


a member of

image002