


The first Turkmen daily news magazine in Turkmen language

ATLYN ASYR TV (göni ýaýlym)
22/02/2012
|
|
-Owganystan: Owganystanda teror topary Talyban pitneçileri, Owgan raýatlardan 4 adamyň
kellesini kesendigi habary berildi. Jogäpkärler, teror topary Talyban şol adamlary owgan
hökümetiniň bähbidine içalyçylyk etmekde günäli bilip kellerini
kesendigi barada maglumat berdiler. Öldürilen adamlaryň jesetleri
Helmand welaýatynyň Waşir etrabyndan tapyldy. |
|
|
-Eýran: Eýran nebit eksportuny bes etjekdigi habar
berdi. Fransuz we ińlis firmalaryna çig nebit
satuwyny bes edendigini habar beren Eýran indi bolsa ÝB-ne agza
beýleki ýurtlara hemle atýar. Eýranyń Nebit
ministriniń orunbasary Ahmad Kalabani ÝB özlerine garşy
duşmançylykly çemeleşmäge dowam eden halatynda İspaniýa,
Gollandiýa, Gresiýa, Germaniýa, İtaliýa we
Portugaliýa ýaly ýurtlara nebit eksportuny bes
etjekdiklerini aýtdy. Eýranyń ińlis we fransuz
firmalaryna çig nebit satuwyny bes etmeginden soń Aziýadaky
birżalarda nebitiń nyrhy sońky 9 aýyń iń
ýokary çägine ýetdi. ÝB komissiýasy bolsa 120
güne ýetjek ätiýaçlarynyń bardygyny, Eýran çig
nebit eksportuny bes eden halatynda-da hiç hili kynçylyk çekmejekdiklerini
habar beripdi.trt |
|
|
-Hytaýy: Hytaýda demiri işleýän desgada dörýän
partlamadan 10 işgäriň ölendigi we 17 adamyň ýaralandygy
habary berildi. Jogäpkärleriň maglumatyna görä, bu waka Anşan
şäherinde ýerleşýän Angang Heavy Machinery Co zawodynda bolupdyr.
Resmi habar agentligi Xinhua, häzir dereksiz ýiten 3 işçiniň
gözlegi dowam edýändigi hakynda habar berdi. |
|
|
-Türkiýe: Türkiýe-Hytaý gatnaşyklarynda täze
başlangyçlar Hytaý Halk Respublikasynyń
Başlygynyń orunbasary Si Szinping resmi sapar bilen Türkiýä
geldi. Prezident Abdulla Gülüń çakylygyna laýyklykda
Türkiýä gelen Szinping Ankarada we Stambulda duşuşyklar geçirer. Saparyń
Türkiýe-Hytaý gatnaşyklarynyń depginini
güýçlendirmegine goşant goşmagyna garaşylýar. Esenboga adyndaky
halkara aeroportunda hytaýly topar tarapyndan garşylanan Szinping ilki
bilen Atatürkiń kümmetini zyýarat etdi. Atatürkiń kümmetine
gül desselerini goýan Szinping şol ýerdäki depdere
ýatlama sözlerini ýazdy. Szinping soń bolsa
Türkiýäniń Mejlisine geldi. Mejlisde Mejlisiń başlygy Jemil
Çiçek bilen duşuşan Si Szinping saparynyń syýasy, ykdysady,
howpsuzlyk taýdan gatnaşyklary ösdürmegi maksat edinýändigini
aýtdy. Si Szinping soń bolsa Çankaýa köşküne geldi. Hytaý
Halk Respublikasynyń Başlygynyń orunbasary Si Szinping köşkde
Prezident Abdulla Gül tarapyndan prezident derejesinde garşylandy. Çankaýa
köşkünde ikiçäk we toparara gepleşikleriń dowamynda özara gatnaşyklar
barasynda pikir alyşyldy. Szinpingiń saparynyń çäginde käbir
ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk şertnamalaryna gol çekişildi. Ankaradan
soń Stambula barjak Szinping ol ýerde Premýer ministr
R.T.Erdogan bilen duşuşar, şol sanda işewür adamlar tarapyndan geçiriljek
Türkiýe-Hytaý Biznes forumyna gatnaşar. Beýleki tarapdan sapar Ankarada uýgur
türkleri tarapyndan Sinjan Awtanomiýasyndaky basyşlar sebäpli protest
edildi.trt |
|
|
-Siriýa: Siriýanyň howpsuzlyk güýçleri,
paýtagt Damaskyň günorta çetinde prezident Başar al-Assadyň
garşysyna gije gurnalan ýörüşe çykan protestçileri oka tutandygy
habary berildi. Gelen maglumatlara görä, howpsuzlyk polisiýasynyň
märekä ok atmazyndan öň, ýüzlerçe protestçi Başar al-Assada garşy
protest ýörişi üçin merkezi meýdança çykypdyrlar. Bidüzgünçilikler
baradaky bu maglumat Gyzyl Haç guramasynyň Siriýanyň
hökümeti bilen gepleşik geçirýän, hem-de oppozisiýa
toparlarynyň Homs we Hama ýaly ýerlerde mätäçlik
çekýän ilata kömek bermek üçin çaknyşyklary bes eden wagtyna gabat
geldi. |
|
|
-BMG: BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Mun,
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy prezidentlik
wezipesiniň ikinji möhletine saýlanmagy bilen gutlandygy habary
berildi. Türkmenistanyň prezidentine iberen gutlag hatynda Pan Gi Mun
BMG bilen Türkmenistanyň arasyndaky ýakyn hyzmatdaşlyga sarpa
goýýandygyny hem-de onuň geljekde ösmegine umyt
baglaýandygyny belläpdir. |
Email: news@turkmennews.com
a member of